Amerikaly hirurglar tarapyndan geçirilen synagyň dowamynda genetiki taýdan üýtgedilen doňuzdan göçürilen böwrek ölen adamyň bedeninde 61 günläp işledi. Bu habar Nýu-Ýork uniwersitetiniň lukmançylyk merkeziniň web sahypasynda çap edildi. Bu şu wagta çenli iň uzak resminamalaşdyrylan ýagdaý. Beýnisi ölen diýlip yglan edilen 58 ýaşly hassada garyndaşlarynyň razyçylygy bilen synag geçirildi we öýkeni emeli usulda işledilip saklandy. Haýwanyň beden agzalaryny adama göçürmegi öz içine alýan ksenotransplantasiýa (görnüşler arasyndaky transplantasiýa) diýlip atlandyrylýan bu amal 2023-nji ýylyň 14-nji iýulynda Lukmançylyk merkeziniň Transplantasiýa institutynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Robert Montgomeriniň ýolbaşçylygyndaky lukmanlar topary tarapyndan geçirildi. Donor bolan doňzuň böwregini aýyrmak boýunça operasiýa şondan bir gün öň, 2023-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda geçirildi. “Soňky iki aýyň dowamynda ýakyndan synlamak we seljermek arkaly biz köp zat öwrendik hem-de geljege umyt baglamaga esas bar. Merhum hassamyzyň maşgalasynyň goldawy bolmadyk bolsa bu mümkin bolmazdy "- diýip, doktor Montgomeri belledi. Gözleg öňünden kesgitlenen senede tamamlandy: merhumyň öýkenine emeli dem berýän apparat öçürildi we jeset maşgalasynyň islegi boýunça yzyna gaýtarylyp berildi.