Toyota öz elektrik awtoulaglary üçin batareýalary kämilleşdirmek boýunça meýilnamalaryny mälim etdi. Häzirki wagtda bu strategiýa onýyllygyň ahyryna çenli göz öňünde tutulan we iň soňky tapgyrda Toyota zarýady 1200 kilometre ýetýän batareýalary işläp taýýarlamagy meýilleşdirýär. Şeýlelikde, ilkinji kämilleşdirilen batareýalar eýýäm 2026-njy ýylda öndürilen elektrik awtoulaglarynda peýda bolar. Toyota -yň batareýa strategiýasy ösüşiň iki ugruny öz içine alýar - uzak aralyga ýetýän we az kuwwatly, emma bahasy amatly ýokary tehnologiýaly batareýalary ösdürmek. Programmany durmuşa ornaşdyrmak birinji setiriň batareýalaryndan başlanar diýip garaşylýar. Toyota 2026-njy ýylda 800 kilometre ýetýän litiý-ion batareýaly elektrikli awtoulaglary çykarmagy göz öňünde tutýar, bu häzirki wagtda bZ4X-de ulanylýan bloklardan 20% arzan bolar. Bir ýyldan soň 600 km ýol geçip bilýän litiý demir fosfat batareýasy peýda bolar, ýöne birneme haýal – 20 minutyň deregine 30 minutda zarýad alsa-da, 40% has arzan bolar. 2028-nji ýyla çenli kompaniýa bahasy ýene 10% arzanlajak 1000 kilometrlik batareýany bazara çykarar we şol ýylyň özünde hem gaty batareýalara geçer. Olar esli gymmat bolar, ýöne bary-ýogy 10 minutda zarýad berip bolar we deslapky maglumatlara görä, 1000-den başlap geljekde 1,5 müň kilometre ýetjek elektrik ätiýaçlygy üpjün eder. Şol bir wagtyň özünde, Toyota soňky netijä ýetiljek wagtyny entek yglan etmedi.