Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi guralar. Bu ugurda alnyp barylýan işler barada wise-premýer B.Atdaýew Hökümet mejlisiniň barşynda hasabat berdi. Sergide döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan özgertmeler, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça gazanylan üstünlikler öz beýanyny tapar. Şeýle hem serginiň çäklerinde Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan ösüşlere we ýetilen sepgitlere bagyşlanan dürli çäreler meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, sergide täze önümleriň, maýa goýum taslamalarynyň, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny ösdürmegiň geljegi uly maksatnamalarynyň tanyşdyrylyş dabaralaryny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir