8-9-njy oktýabrda tutuş ýurdumyzda «Türkmenistan – bagtyýar, sagdyn we ruhubelent ýaşlaryň ýurdy» atly şygar bilen bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çärelerini guramak meýilleşdirilýär. Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp geçiriljek bu çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada wise-premýer N.Amannepesow Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi. Serdar Berdimuhamedow wise-premýere meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.