Prezident Serdar Berdimuhamedow 17 — 20-nji sentýabr aralygynda Nýu-Ýork şäherine iş saparyny amala aşyrar. Bu barada şenbe güni Hökümet mejlisiniň barşynda habar berildi. Mejlisiň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň habar bermegine görä, Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşar. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 5-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisi açyldy. Mejlisiň çäklerinde 19 — 26-njy sentýabr aralygynda ýokary derejeli çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.