Eý ýaranlar, musulmanlar, Bir gün ahyrzaman bolar, Ölenden öň köp nyşanlar Ýeriň ýüzünde kän bolar Adalatsyz bolar hanlar Bihaýa bolar zenanlar, Köp döküler nahak ganlar, Iliň päli ýaman bolar. Pisat iş köp bolar, az bolmaz Bu öý ol öýe saz bolmaz, Ýagmyrlar ýagar, ýaz bolmaz Bir gün bady-hazan bolar. Hile eýlär, tapar ýollar, Süýthorlukdan ýygyr mallar, Din ýolyny taşlap iller, Ne mektep, ne azan bolar. Namaz goýar, sözlär ýalan, Ata-enä asy bolan, Çakyr içip, zyna kylan, Azaby müň elwan bolar. Elin tut Taňry dostunyň, Asy bolma, sakla diniň, Enşalla, Magtymgulynyň Din ýoldaşy iman bolar!

Köneler, Yolotenli tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir