Şu gün Türkmenistanyň demirgazyk sebitinde — Daşoguz welaýatynda pagta ýygymy möwsümine badalga berildi. "«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, şu ýyl welaýatda senagat üçin gymmatly çig mal bolan pagtanyň bol hasyly ýetişdirildi. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ak patasy bilen, bu jogapkärli möwsüme girişilmegi mynasybetli, welaýatda «ak kerwen» dabarasy geçirilip, hormatly ýaşulularyň «Bismilla» etmeginde pagta ýygymyna başlanyldy. Dabaraly çärelerden öň, Daşoguz welaýat häkimliginde pagta ýygymyna girişilmegi mynasybetli maslahat geçirildi. Onda ýygym möwsümini ýokary derede geçirmek we gysga möhletde tamamlamak bilen bagly wezipeler kesgitlenildi. Welaýatda pagta ýygymyna Şabat etrabynyň Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetine degişli «ak altynly» meýdanlarda badalga berildi. Pagta hasylynyň ilkinji tonnalary ýüklenen awtoulag kerweni Daşoguz şäheriniň şaýollaryna bezeg berip, görkana binalaryň deňinden geçdi. Soňra «ak kerwen» welaýatyň Köneürgenç etrabyndaky ýylda 40 müň tonna tohumlyk pagta çigidini gaýtadan işleýän pagta arassalaýjy kärhanada dabaraly aýdym-sazlar bilen garşylanyldy we kabul edildi. Bu ýerde döwlete pagta tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ilkinjiler bolup üstünlikli ýerine ýetiren pagtaçy daýhanlara Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Welaýatda pagta ýygymyna girişilmegi mynasybetli, asylly däbe eýerilip, giň gerimli medeni çäreler, şol sanda sergiler, aýdym-sazly çykyşlar, şeýle-de dürli görnüşli sport ýaryşlary, milli oýunlar ýaýbaňlandyryldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmen oba hojalyk institutynda talyplara ýörite umumy sapak geçildi. Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda, howa şertleri bilen baglylykda, pagta ýygymyna biraz öň, ýagny 9-njy sentýabrda girişildi. Şu ýyl Türkmenistanda 580 müň gektar ýere gowaça ekilip, 1,2 million tonnadan gowrak pagta hasylyny ýygnamak meýilleşdirilýär.