Işewür hyzmatdaşlar bilen duşuşmak ýa-da işewürlik agşamlyk nahary üçin ýer saýlamak jogapkärli iş bolup, munuň üçin «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkeziniň üçünji gatynda ýerleşýän «Soltan» restoranyndan stol sargyt etmek laýykdyr. Oňaýly ýer, pessaý sesli aýdym, köpdürli tagamly aşhana, ýokary derejeli we medeniýetli hyzmat — netijeli işewürlik duşuşygy üçin tüýs kybap gelýän şertdir. Müşderiler bu ýerde diňe bir gepleşikleri geçirmän, üstünlikli baglaşylan şertnamalar ýa-da kärhananyň çäreleri üçin oturylyşyk dabarasy üçin zaly hem kärendesine alyp bilerler. «Soltan» restoranynyň iş wagty (8:00-dan 23:00-a çenli) gününi işewürlik ertirlik nahary bilen başlaýanlar üçin hem amatlydyr. Restoranyň türkmen paýtagtyndaky uly söwda we dynç alyş merkezinde ýerleşmegi amatly awtoulag duralgasynyň bolmagyny, şeýle hem restoranda nahardan soň işewür hyzmatdaşlary bilýard ýa-da bowling zalyna çagyrmak mümkinçiligini hem göz öňünde tutýar. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar restoranyň paýtagtyň amatly myhmanhanalaryna ýakyn ýerleşýändigine-de ýokary baha bererler. Ýatlatsak, «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezindäki «Soltan» restorany ajaýyp aşhanasy we ýokary derejeli hyzmaty bilen tapawutlanýan «Soltan» restoranlar torunyň sekiz şahamçasynyň biridigini ýatladýarys. «Soltan» restoranynyň ýerleşýän ýeri: «Aşgabat» SDAM, 3-nji gat, C-3.24. Habarlaşmak we stol bronlamak üçin telefon belgileri: (+993 62) 21 86 86, (+993 12) 41 54 50, (+993 12) 41 54 51. Şeýle-de okaň: Aşgabatdaky «Soltan» restoranlar tory çagalar dabarasyny we doglan günleri bellemäge çagyrýar «Soltan» restoranynda ertirlik: güni datly we ýokumly tagam bilen başlamak «Coffee Project» – bir käse kofeniň başynda dynç almagy halaýanlar üçin ajaýyp ýerdir

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir