2023-nji ýylyň sekiz aýynda Özbegistana söwda we täjirçilik maksatly sapar eden daşary ýurtlularyň 58,1 göterimi türkmenistanlylar boldy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berdi. Çeşmede bellenilişine görä, 2023-nji ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda 36,8 müň sany daşary ýurtly söwda etmek üçin ýa-da täjirçilik maksatlary bilen Özbegistanda bolupdyr. Özbegistana söwda we täjirçilik maksady bilen baran raýatlarynyň sany boýunça iň öňdäki orun bolsa Türkmenistana degişli. Has takygy, hasabat döwründe 21,4 müň sany türkmenistanly agzalan maksatlar bilen goňşy ýurda sapar edipdir. Geçen aýda bu görkezijiniň 16,2 müň bolandygyny hasaba alsak, soňky bir aýyň dowamynda türkmenistanlylaryň 5,2 müň sanysynyň Özbegistana söwda we täjirçilik maksady bilen barandyklaryna göz ýetirmek bolýar. Munuň özi Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň öňe ilerleýändigine şaýatlyk edýär. Sanawyň ilkinji bäşliginde Türkmenistandan başga-da, Täjigistanyň (9,3 müň), Owganystanyň (1,1 müň), Hytaýyň (0,7 müň) hem-de Hindistanyň (0,6 müň) ady getirilýär. Ýeri gelende ýatlatsak, 2023-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda 39,6 müň türkmenistanlynyň Özbegistana syýahat edendigini habar beripdik