Hytaýda güwänamalaşdyrylan raýat awiasiýasy aeroportlarynyň sany 2025-nji ýylda 500-e ýeter diýip, ýurduň Awiasiýa senagaty bileleşigi (AVIC) çaklaýar. Bu barada «Interfax.ru» habar berýär. AVIC edarasynyň resmi wekili Sao Heniň Týanszinde geçen 6-njy dikuçar sergisinde habar berşi ýaly, Hytaý bu maksada ýetmek üçin tagalla eder, netijede, ýurduň uýezdleriniň 2800-siniň öz howa menzili bolar. Hytaýyň materik böleginde 2022-nji ýylyň ahyrynda umumy maksatly aeroportlaryň 399-sy işleýärdi, bu bir ýyl öňdäkiden 29 birlik köpdür.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir