15-nji sentýabrda 17-nji tapgyryň çäginde bir duşuşyk geçirilip, onda «Aşgabat» hem-de «Şagadam» toparlary duşuşdylar. Bu duşuşyk 1:1 hasabynda deňlikde tamamlandy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär. «Aşgabat» topary gazanan bu ýeňşinden soň toplan 17 utugy bilen 4-nji orna geçmegi başardy. Geçiren duşuşyklarynda 9 utuk toplan «Şagadam» topary 9-njy orny eýeleýär. Bu tapgyrda geçirilmeli «Nebitçi» bilen «Köpetdagyň» hem-de «Arkadag» topary bilen «Altyn asyryň» aradyndaky duşuşyklaryň wagtlary süýşürildi. Bu tapgyryň çäginde wagtyndan öň geçirilen duşuşykda «Merw» toparynyň myhmançylykda «Energetikden» 2:0 hasabynda üstün çykandygyny ýatladýarys. 17-nji tapgyryň duşuşygy: «Aşgabat» — «Şagadam» — 1:1 Gollar: 10 Jumamyrat Jumaýew – 56 Guwanç Abylow.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir