Halkara Nobel baýragynyň pul sylagy bir million artdyryldy. Bu ýyl sylagyň möçberi 11 million şwed krony bolar, bu 984 müň amerikan dollaryna golaýdyr. Bu sylagy baýragyň her bir eýesi alyp biler diýlip, Nobel gaznasynyň saýtynda habar berildi diýip, «MIR 24» ýazýar. 2022-nji ýylyň aýagynda Nobel gaznasynyň maýa goýum pulunyň bazary bahasy 5,8 milliard krona golaýlady (519 mln dollar). 2023-nji ýyl üçin baýragyň eýeleri 2-nji oktýabrda yglan ediler. Nobel hepdeligi däp bolup gelşi ýaly, Stokgolmda we Osloda geçer hem-de 9-njy oktýabrda tamamlanar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir