Gyrgyzystanyň Milli Ylymlar akademiýasynda ýurduň Prezidenti Sadyr Žaparowyň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy, ol kitabyny «Täze Gyrgyzystany gurmagyň ýoly» diýip atlandyrdy. Bu barada «MIR 24» ýazýar. Kitabyň üstünde döwletiň Baştutany birnäçe ýyl işledi. Neşir dört bölümden ybarat bolup, Sadyr Žaparow häzirki kynçylyklar eýýamynda Gyrgyzystany ösdürmegiň ýoluna, döwletiň ideologiýasyna we onuň ugurlaryna bolan garaýyşlaryny beýan edýär. «Kitabyň möçberi uly däl, şonuň üçin islendik okyjy ony çalt okap biler. Dili-de düşnükli, sada, ilatyň islendik gatlagy üçin ýeňil okalýar. Prezident öz kitabynda ýurduň geljegi barada aladalanýar, şonuň üçin bu kitap islendik gyrgyzystanla gyzykly bolar» diýip, ýurduň Milli Ylymlar akademiýasynyň wise-prezidenti Çolponkul Arabaýew gürrüň berýär. Kitaby Respublikanyň ähli iri kitaphanalarynda okap bolar, ol 41 müň nusgalykda neşir edildi. Bu Japarowyň ikinji işidir, ol birinji kitabynda özüniň syýasatdaky işiniň 10 ýylyny beýan etdi.