Londonyň “Çelsi” kluby 2023/2024-möwsümi üçin üçünji eşik formasyny hödürledi. Bu barada championat.com habar berýär. Londonlylaryň üçünji ýa-da ätiýaçdaky egin-eşik toplumy iton gök reňkde ýerine ýetirildi. Bu toplum taýýarlananda “Çelsi” we klubuň tehniki hemaýatkäri bolan Nike kompaniýasy londonlylaryň 1905-nji ýyldan 1907-nji ýyl aralygynda geýip oýnan ilkinji formasyndan ruhlandylar. Bu formada “Çelsi” 17-nji sentýabrda Angliýanyň Premýer-ligasynyň 5-nji tapgyrynda “Bornmut” bilen oýnar. Häzirki güne çenli ýagdaýa görä, Maurisio Poçettinonyň topary Angliýanyň çempionatynyň ýaryş jedwelinde 12-nji orny eýeleýär, onuň hasabynda dört utuk bar. Täze möwsümiň ilkinji dört oýnunda “Çelsi” diňe bir gezek – awgust aýynyň ahyrynda “Luton” bilen duşuşykda ýeňiş gazandy (3:0).

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir