Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) başlygy Deýna Uaýt guramanyň WWE amerikan restling-promouşeni bilen resmi taýdan birleşendigini habar berdi we muny sport taryhynda iň uly wakalaryň biri diýip atlandyrdy. Bu barada rsport.ria.ru belleýär. WWE we UFC birleşme prosesini sişenbe güni tamamlady. Guramalary birleşdirýän täze kompaniýa – TKO Group Holdings Nýu-Ýorkyň fond biržasynda hasaba alyndy. USA Today-yň habar bermegine görä, ilkinji gün paýnamalaryň bahasy bir paý üçin 102$ boldy. Guramalar birleşenden soň Uaýt UFC-niň baş direktory boldy, Nik Han bolsa WWE-niň prezidenti bolup galar. The Associated Press-iň maglumatlaryna görä, birleşmeden soň TKO Group Holdings-iň bahasy 21,4 mlrd dollar boldy. UFC kompaniýasy paýnamalaryň gözegçilik bukjasynyň 51%-ini, WWE-niň paýdarlary bolsa 49%-ini saklaýar.