Ýewropanyň Futbol assosiasiýalarynyň birleşiginiň (UEFA) howandarlygynda geçirilýän milli ýygyndylaryň we klub ýaryşlarynyň oýunlary indiki hepdäniň ahyryna çenli Marokkodaky ýertitremäniň we Liwiýadaky suw joşmasynyň pidalarynyň hatyrasyna bir minut dymyşlyk bilen başlar. Bu barada guramanyň X sosial ulgamyndaky resmi akkauntyna salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär. 9-njy sentýabra geçilýän gije Marokkoda 6,9 bal ululykda ýertitreme boldy. Onuň merkezi Marrakeşden 80 km uzaklykda, on km çuňlukda ýerleşýär. Ondan soň 4,8, 3,4, 3,2 we 3,3 bal ululykdaky azyndan dört ýertiremesi boldy. Ölenleriň sany 2,9 müň adamdan geçdi. Liwiýanyň gündogarynda “Daniel” siklony netijesinde bolan suw joşmasynyň pidalarynyň sany 5,3 müň adamdan geçdi, birnäçe müň adam dereksiz ýiten diýlip hasaplanylýar. Ýurduň gündogaryndaky Susa we Derna şäherleri tebigy betbagtçylygyň zolaklary diýlip yglan edildi.