Art-detektiw Artur Brand Niderlandlaryň polisiýa gullugy bilen hyzmatdaşlykda Winsent Wan Goguň üç ýyl mundan ozal ogurlanan “Nýuenende ruhanynyň bagy, ýaz” (1884-nji ýyl) suratyny gözläp tapdy. Bu barada “The Guardian” neşirine salgylanyp, runews24.ru habar berýär. Bu surat 2020-nji ýylyň mart aýynda Amsterdamyň golaýynda ýerleşýän Singer Lare muzeýinden ogurlandy. Ogry aýna gapyny döwüp, kartinany muzeýden çykardy. Polisiýa işgärleri suraty ogurlan adamy tapdylar we ol sekiz ýyl azatlykdan mahrum edildi, ýöne Wan Goguň suraty tapylmandy. Brandyň aýdyşy ýaly, Wan Goguň kartinasy Niderlandlarda tapyldy. Näbelli bolup galmak islän adam detektiwe plýonka dolanan kartinany berdi. Suratkeşiň eseri 3-6 million ýewro bilen bahalandyrylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir