Ispaniýanyň La Ligasy resmi saýtynda bir sözden ybarat bolan dünýädäki iň uzyn atly uels futbol kluby bilen bir ýyllyk hemaýatkärlik şertnamasyny baglaşandygyny habar berdi. Muny rsport.ria.ru ýetirýär. Clwb Pêl Droed Llanfairpwllgwyngyllgogerychwyrndrobwllllantysiliogogogoch atly uels kluby Llanwaýr-Pullguingill obasynda ýerleşýär. Toparyň ady sözme-söz “Joşgunly girdabyň we gyzyl gowagyň golaýyndaky mukaddes Tisilio buthanasynyň ýanyndaky ak pyntyk agajynyň oýluk ýerindäki mukaddes Mariýa buthanasy” diýlip terjime edilýär. Klubuň adynda 58 harp we bäş LL birleşmesi bar. La Liganyň täze logotipinde hem LL harplary şekillendirilendir. La Liganyň logotipi 2023/2024-möwsüminde klubuň egin-eşiginde peýda bolar. Topar Uels çempionatynyň bäşinji diwizionynda çykyş edýär.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir