Anna güni Baýkonur kosmodromyndan uçurylan «Soýuz MS-24» kosmos gämisi Halkara kosmos stansiýasynyň rus böleginiň modulyna birikdi. Muny Roskosmosyň ýaýlymda berdi. Kosmos gämisi arkaly stansiýa Türkmenistanyň Gahrymany, kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko, kosmonawt Nikolaý Çub, NASA-nyň astronawty Lorel O'Hara bardy. O'Hara Ýere 2024-nji ýylyň ýazynda "Soýuz MS-24"-de gaýdyp geler, Kononenko bilen Çubuň missiýasy bolsa 2024-nji ýylyň sentýabryna çenli dowam eder, şondan soň kosmonawtlar “Soýuz MS-25”-de Ýere gaýdyp geler. Ýyllyk ekspedisiýanyň çäginde Kononenko kosmosda 1000 günden gowrak wagt geçiren dünýäde ilkinji adam bolup biler. Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Oleg Kononenko we öz ömrüni kosmonawtika bilen baglan ähli adamlara bütin adamzadyň ösüşine gönükdirilen gaýduwsyz zähmeti üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir