Ozal habar berşimiz ýaly, 5 — 9-njy sentýabr aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly ýerler boýunça maksatnamasynyň (BMG-Habitat) wekiliýeti Türkmenistanda saparda boldy. Wekiliýet sapary barşynda birnäçe möhüm gepleşikleri geçirdiler diýip, BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasy habar berýär. Mälim bolşy ýaly, wekiliýetiň düzümine Maksatnamanyň Global çözgütler departamentiniň Maksatnamany işläp taýýarlamak bölüminiň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebit geňeşçisi Katýa Şefer, şeýle hem şol Departamentiň Şäher tejribesi bölüminiň Meýilleşdiriş, maliýe we ykdysadyýet bölüminiň Şäher laboratoriýasynyň ýolbaşçysy Herman Pienaar girdi. Olar BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministri Guwanç Orunow, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew, Aşgabat şäheriniň häkimi Rahym Gandymow, Arkadag şäheriniň häkimi Şamuhammet Durdylyýew, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow, Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Bileleşiginiň başlygy Nökerguly Atagulyýew bilen birnäçe ýokary derejeli duşuşyklary geçirdiler. Şeýle hem gurluşyk we binagärlik boýunça ýöriteleşen hususy pudagyň wekilleri hem-de şäher meýilleşdiriş boýunça wezipeli adamlar bilen duşuşyklar guraldy. BMG-Habitatyň wekiliýetiniň saparynyň esasy maksady «Has gowy şäher geljegine tarap: Türkmenistanda hemmetaraplaýyn, ygtybarly, ýaşamaga ukyply we durnukly ösýän şäherler we jemgyýetler üçin BMG-Habitatyň Aşgabat edarasyny döretmek» atly konseptual bellikler bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy. BMG-Habitatyň wekiliýeti tarapyndan hödürlenen konseptual bellikler BMG-niň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlykda şäher ösüş meselelerini çözmek we ähli raýatlar üçin ýagty şäher geljegini gurmaga kömek etmek işine ygrarlydygyny görkezýär. BMG-Habitatyň wekiliýetiniň sapary Türkmenistan bilen BMG-niň durnukly şäher ösüşi ugrundaky hyzmatdaşlygyny güýçlendirmekde möhüm ädimi alamatlandyrýar. Bu başlangyç Türkmenistanyň halkynyň abadançylygyny we gülläp ösüşini ýokarlandyryp, şäher landşaftynyň düýpli gowulaşmagyna getirer diýlip garaşylýar.