Bütin dünýäde howanyň adatdan daşary gyzmagy bilen baglylykda, derýalaryň suwunyň hili ýaramazlaşýar diýip, «Habar 24» ýazýar. Niderland ekologlary ýüzlerçe derýadaky özgerişlikleri öwrenmek bilen, şeýle netijä geldiler. Olar derýalarda guraklykdyr çabga ýagyşlary netijesinde suwuň hiliniň ýaramazlaşandygyny anykladylar. Mysal üçin, güýçli guraklyk derýalaryň 70 göteriminde kislorodyň peselmegine we duzlulygyň ýokarlanmagyna getirdi. Sil joşgunlarydyr dowamly çabgalardan soňra derýalarda plastigiň we pestisidleriň, nitratlaryň hem-de beýleki himikatlaryň toplanmasy ýokarlanypdyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir