«Garagum» hojalyk jemgyýeti mata kysmy dokma däl materiallary we önümleri öndürijileriň hem-de eksport edijileriň bazarynda Merkezi Aziýada öňdebaryjylaryň biri bolup durýar. Aýratyn-da, spanbonddan we meltblawndan, şeýle hem innowasion tehnologiýalary ulanyp, spanbond/meltblawn/spanbond (spanmelt) usulynda birleşdirilen materiallardan öndürilýän «Garagum Nonwoven» haryt nyşanly önümlere aýratyn isleg bildirilýär. «Garagum Nonwoven» mata kysmy dokma däl materiallary dürli dykyzlygy, berkligi hem-de ulanyş maksatlary bilen tapawutlanýar. Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda ýerleşýän zawodda her ýylda takmynan 2500 tonna dokma däl material öndürilýär we bir gezek ulanylýan köp gatly agyz-burun örtükleri, bir gezek ulanylýan eşikler we esbaplar öndürilýär. Dokma däl material aýratyn sargyt esasynda öndürilýän dürli ululykda we reňkde, dykyzlykda bolan, logotipli we logotipsiz daşlyklary, sumkalary, esbaplary öndürmek üçin ulanylýar.