«Rowachpack» haryt nyşany bilen polipropilen gaplaýyş materiallarynyň önümçiligine we eksportyna ýöriteleşen «Rowachlan Galkynysh» hususy kärhanasy önümleri üçin esaslyk hökmünde iň gowy hilli çig maly – Türkmenistanyň gaýtadan işleýän senagatynda öňdebaryjy kärhana bolan Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän polipropileni ulanýar. Başlangyç, başga önümden gaýtadan işlenmedik polipropilen iň ýokary hilli önüm hasaplanýar we diňe azyk önümlerini, gurluşyk materiallaryny we ş.m. saklamak we daşamak üçin dokalan haltalary we rulon gaplary öndürmek üçin ulanylýar. Geljekki «Rowachpack» önümleri üçin çig mal hökmünde başlangyç polipropilen ak reňkli owuntyk şekilindedir, şondan soň olardan polipropilen süýümi öndürilýär, bu süýüm aýratyn çydamlylygy we +160 gradus temperatura çenli durnuklylygy bilen tapawutlanýar. Çig malyň hili taýýar önümiň hilini hem kesgitleýär – «Rowachlan Galkynysh» kärhanasynyň haltalarynyň we gaplamalarynyň artykmaçlyklary hem-de ajaýyp ulanyş aýratynlyklary Russiýada we GDA-nyň beýleki ýurtlarynda alyjylar tarapyndan makullandy. «Rowachlan Galkynysh» HK-nyň habarlaşmak üçin maglumatlary: telefonlar: (+993 62) 29 29 69 и (+993 12) 29 29 69; elektron poçta rowachpack@gmail.com. Şeýle-de okaň: «Rowachpack» önümleri – ürgün gurluşyk materiallaryny gaplamak üçin iň gowy çözgütdir

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir