Geçen hepde Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy UNFPA bilen geljek ýylda Türkmenistanda aýal-gyzlaryň hukuklaryny goramak we öňe sürmek baradaky bilelikdäki taslamany dowam etdirmek boýunça täze ylalaşyk baglaşdy. Taslamada Mary we Daşoguz welaýatlarynda hem-de Aşgabatda adam hukuklary boýunça ýaşlar üçin maslahat geçirmeklik göz öňünde tutulýar. Beýik Britaniýanyň Aşgabatdaky ilçihananyň resmi sosial ulgamynda habar bermegine görä, taslama geljek ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Ombudsmeniniň edarasynyň jynsy kemsitmeleriň we zorlugyň öňüni almak ugrundaky mümkinçiliklerini güýçlendirmek üçin degişli okuwlary hem öz içine alar.