Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen RF-a sapar bilen baran Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Lideri Kim Çen Yn Amur oblastyndaky «Wostoçnyý» kosmodromynda duşuşdylar diýip, TASS habar berdi. Kosmodroma gezelençden soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlary giňişleýin düzümde, şeýle-de ikiçäk gepleşikleri geçirdiler. Gepleşiklerde özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda, şol sanda oba hojalygynda, awiasiýa we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. KHDR-iň Baştutany Russiýa ýörite otluda geldi, bu Kim Çen Ynyň soňky dört ýyldaky ilkinji daşary ýurt saparydyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir