Ýaponiýanyň Ministrler Kabineti doly düzümde iş başyndan gitdi, Premýer-ministr Fumio Kisida ministrleriň işden gitmek barada ýüztutmalaryny kabul etdi diýip, «MIR 24» habar berýär. Ýurtda Hökümetiň täze düzümi yglan edildi, ony Ministrler Kabinetiniň Baş sekretary Hirokadzu Masuno yglan etdi. Ýurduň daşary işler ministri wezipesine Sindzo Abeniň hökümetinde ýustisiýa ministri bolup işlän Ýeko Kamikawa bellendi. «Kydo» habarlar gullugynyň habaryna görä, täze hökümetde bäş zenan peýda boldy, bu taryhda ilkinji gezekdir. Ýagny dikeldiş işleri boýunça ministr wezipesine Sinako Sutiýa, sebitleri dikeltmek ministri wezipesine Hanako Dzimi, çagalar syýasaty ministri edilip, Aýuko Kato bellendi. Sanae Takaiti ykdysady howpsuzlyk ministri wezipesinde galdyryldy. Täze hökümetde Premýer-ministr Kisidony hasaba almanyňda, 19 adam bar. 13 adam çalşyldy, olaryň 11-si Ministrler Kabinetiniň düzümine ilkinji gezek girdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir