ABŞ-nyň Los-Anželes şäheriniň geňeşi merhum aktrisa Merilin Monronyň ýaşan öýüni taryhy-medeni ýadygärlik hökmünde ýykmazlyk barada karara geldi. Aktrisa howluly öýi 1962-nji ýylda 75 müň dollara satyn alypdyr. 2023-nji ýylda öýi amerikan kompaniýalarynyň biri satyn alypdyr. Kompaniýa meýdany 270 inedördül metr bolan öýi ýykmaga rugsat sorap, şäher geňeşine ýüz tutupdyr. Emma geňeşiň agzalary muňa garşy ses beripdirler. Olar mülk ýeri taryhy gymmatlyk hökmünde resmi bellige almagyň gerekdigini nygtaýarlar.