Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täze tehnologiýalar boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň geňeşini döretmegi teklip etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetine aç-açan innowasiýa häsiýetini bermegi we sanly özgertmeleri geçirmegi häzirki döwrüň iň möhüm meselesi hasaplaýandygyny, şunuň bilen baglylykda, bu ugurlar boýunça bilelikdäki tagallalary utgaşdyrjak Täze tehnologiýalar boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň geňeşini döretmegi teklip edýändigini belledi. Döwlet baştutany, şeýle geňeşiň täze tehnologiýalar boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň bitewi strategiýasyny döretmek üçin akyl merkeziniň wezipelerini öz üstüne alyp biljekdigini, bu ugurda degişli çözgütleri we anyk tekilipleri taýýarlamaga mümkinçilik berjekdigini aýtdy. Ozal habar berşimiz ýaly, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de hormatly myhman hökmünde Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew gatnaşýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir