Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda energetikanyň Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysadyýetiniň beýleki bir esasy ugry bolup durýandygyny aýtdy. «Häzirki wagtda sebitiň içindäki islegleri kanagatlandyrmaga, şeýle hem halkara üstaşyr geçelgeler arkaly dünýä bazarlaryna çykmaga gönükdirilen durnukly energetika hyzmatdaşlyk üçin syýasy-hukuk we ykdysady şertleri döretmek prosesiniň bolup geçýändigi äşgärdir. Türkmenistanyň özüniň tebigy gazyny we elektrik energiýasyny Merkezi Aziýa ýurtlaryna we olaryň çäginiň üsti bilen daşarky bazarlara özara bähbitli şertlerde ibermäge taýýardyr. Bu teklibe biziň döwletlerimiziň arasynda uzakmöhletli gatnaşyklary ýola goýmak nukdaýnazaryndan garamak mümkin diýip hasaplaýaryn. Şunuň bilen baglylykda, bäştaraplaýyn gatnaşyklaryň täze görnüşini – Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Energetika dialogyny döretmek maksadalaýyk hasaplanylýar» – diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda aýtdy. Ozal habar berşimiz ýaly, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de hormatly myhman hökmünde Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew gatnaşýar.