Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýanyň 78-nji sessiýasynda dünýä bileleşiginiň garamagyna birnäçe başlangyçlary, şol sanda Merkezi Aziýany ösdürmek bilen gönüden-göni bagly başlangyçlary teklip etmegi göz öňünde tutýandygyny belledi. Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň aýdyşy ýaly, birinjiden, Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça dialog maslahatyny döretmegi teklip eder. Onuň maksady sebitde durnukly, gapma-garşylyksyz ösüşi üpjün etmek işinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň tagallalarynyň ýakynlaşmagyna we utgaşdyrylmagyna gönükdirilen çemeleşmeleri hem-de çözgütleri işläp taýýarlamakdan ybaratdyr. Prezident Serdar Berdimuhamedow bu maslahatyň birinji mejlisini 2024-nji ýylda Türkmenistanda geçirmäge taýýardygyny belledi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ikinjiden, BMG-niň degişli edaralary bilen BMG-niň Aral deňzi sebiti üçin Ýörite maksatnamasynyň (UN SPAS) oňaýly formatyny we düzümini kesgitlemek boýunça maslahatlaşmalary geçirmek teklip ediler. «Üçünjiden, ýöriteleşdirilen düzümi – Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmegi teklip edýäris. Bu merkezi Aşgabatda ýerleşdirmek üçin ähli zerur bolan düzümi hödürlemäge taýýardyrys» – diýip, döwlet Baştutany nygtady. Ozal habar berşimiz ýaly, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de hormatly myhman hökmünde Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew gatnaşýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir