Türkmenistanyň Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda Merkezi Aziýa ulag-logistika platformasyny işe girizmegi teklip etdi. Bu barada TDH agentligi habar berýär. Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, ulag ulgamy hyzmatdaşlygyň strategik ugry bolupdy we şeýle bolmagynda galýar. Sebitiň ýurtlarynyň umumy tagallalary bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda, şeýle hem Ýewraziýa kontinentiniň beýleki sebitleri bilen ýük we ýolagçy gatnawlary üçin amatly şertleri döredilýär. «Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa ulag-logistika platformasyny işe girizmek mümkinçiligine garamagy teklip edýäris. Onuň esasy wezipesi sebitde ulag merkezlerini döretmek, täze üstaşyr geçelgeleri kemala getirmek we häzir bar bolanlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, biziň döwletlerimiziň çäginden geçýän halkara ulag ýollarynyň ugrunda gümrük, migrasiýa we beýleki işleri kadalaşdyrmak we sazlaşdyrmak meselelerine garamak bilen bagly bolup bilerdi» – diýip, Türkmenistanyň belledi. Ozal habar berşimiz ýaly, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de hormatly myhman hökmünde Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew gatnaşýar.