2023-nji ýylyň 19-20-nji sentýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda kompýuter grafikasy we elektrotehnika dersleri boýunça ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda ders bäsleşikleri geçiriler. «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron saýtynda berilýän maglumatlara görä, bäsleşikler Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin gatnaşmak tertibinde, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Türkmenistanyň Deňiz we derýa institutynyň we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary üçin onlaýn usulynda gatnaşmak tertibinde şahsy bäsleşik görnüşinde alnyp barylar. Habarda bellenilişi ýaly, bäsleşige ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň öz ýokary okuw mekdebinde iň gowy netije görkezen 3 talyp çagyrylýar. Bäsleşikler türkmen dilinde geçirilip, meseleleri çözmek üçin 120 minut wagt berler.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir