Türkmenistanyň Prezidenti Duşenbe şäherine iş saparynyň çäginde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji Konsultatiw duşuşygy bilen gabat gelýän Merkezi Aziýanyň haryt öndürijileriniň sergisine baryp gördi. Sergide türkmen haryt öndürijileriniň hem köp dürli önümleri ýerleşdirilipdir. Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Azerbaýjanyň Liderleri sammite gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysady üstünliklerine bagyşlanan diwarlyklar bilen tanyşdylar diýip, «Akorda» ýazýar. Ozal habar berşimiz ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji Konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda sebitiň ýurtlarynyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň we özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmagyň örän möhüm wezipe bolup durýandygyna ünsi çekdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir