Lebap welaýatyndaky Türkmenabat pagta egriji fabriginiň ýyllyk önümçilik kuwwaty ýokary hilli dürli görnüşli ýüplükleriň 17700 tonnasyny taýýarlamaga niýetlenilip, her günde 50 tonna golaý önüm öndürilýär. Önümçiligiň ýola goýulmagy üçin gerek bolan çig mal welaýatyň pagta arassalaýjy kärhanalaryndan getirilýär. Welaýat gazetiniň berýän habaryna görä, şu ýylyň geçen sekiz aýynda kärhanada 4 müň 974 tonna nah ýüplügi öndürilip, netijeli işler alnyp baryldy. Ýylyň başyndan bäri 97 million 288 müň manatlyk iş amala aşyrylyp, degişli meýilnama 110 göterim ýerine ýetirildi. Geçen döwürde ýurduň içerki bazaryndaky dokma kärhanalaryna hem-de daşary ýurtly sarp edijilere gymmatly önümiň jemi 80 million 459 müň manatlygy, ýagny, 3 müň 988 tonnasy ugradyldy. Türkmenabat pagta egriji fabrig 2009-njy ýylyň oktýabr aýynda işe girizildi. Häzirkizaman dokma kärhanasynda 500-den gowrak işçi-hünärmen zähmet çekip, olaryň aglaba bölegi gelin-gyzlardyr. Fabrikde Germaniýanyň «Trutşler» kompaniýasynyň önümi bolan ýigrimi sany darak enjamy, Italiýanyň «Marzoli» kompaniýasynyň önümi bolan ýigrimi dört sany egriji enjam, Italiýanyň «Sawiýa» kompaniýasynda öndürilen on bir sany saraýjy enjam gije-gündiziň dowamynda bökdençsiz işledilýär. Fabrigiň önümleri ýurduň içerki bazary bilen bir hatarda daşary ýurtlara hem bökdençsiz ugradylyp, islegli haryda öwrülýär. Ýeri gelende belläp geçsek, nah pagta ýüplügini satyn alýan daşary ýurtly sarp edijileriň hatarynda Beýik Britaniýa, Russiýa Federasiýasy, Türkiýe ýaly döwletler hem bar. Işleri barha ilerleýän bu önümçilik kärhanasynda, esasan-da, nah ýüplükleriň 20; 27; 34 belgili görnüşleri öndürilýär.