Ladders iş gözleýiş hyzmaty 100 müň dollar aýlykly iň gereklenýän hünärleriň sanawyny çap etdi. Saglygy goraýyş we tehnologiýa geljegi uly ugurlar boldy. Ladders-iň gözleginiň netijeleri CNBC tarapyndan çap edildi. Sanawyň awtorlarynyň bellemegine görä, ýokary aýlyk almak üçin üç ýyldan köp tejribäň ýa-da alymlyk derejäň bolmagy hökman däl. "Häzirki wagtda kompýuter ylymlary fakultetiniň uçurymlary karýerasynyň başynda 100 müň dollardan geçirip aýlyk alýarlar"- diýip Ladders-iň esaslandyryjysy we karýera boýunça bilermen Mark Senedella mälim etdi. Ladders 2023-nji ýylda iň köp boş iş orunly we aýlygy 100 müň dollardan ýokary 10 hünäri kesgitledi: Programma üpjünçiliginiň inženeri (Software engineer); Uly inžener-programmist (Senior software engineer); Projekt-menejer; Kliniki psiholog; Ulgam inženeri; Kliniki sosial işgär (Licensed clinical social worker); Diş lukmany; Programma üpjünçiliginiň menejeri; Ilkinji lukmançylyk-sanitar kömegi lukmany (Primary care physician); Psihiatr. Şeýle-de bolsa, 100 müň dollar aýlygy bu hünärleriň hemmesi kepillendirilmeýär. Mysal üçin, häzirki wagtda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda jemgyýetçilik işgäri ortaça 61 776 dollar aýlyk alýar diýip, Indeed habar berýär. Muňa garamazdan, Ladders-iň gözlegine laýyklykda, sanawda görkezilen hünärleriň köpüsiniň başlangyç aýlygy 100 müň dollardan başlanýar. Munuň özi köp sanly kompaniýalara hünärmenleriň ýetmeýändiginden, şol sebäpli olaryň hünärli işgärleri işe çekmek maksady bilen olaryň aýlyk haklaryny galdyrýandygyndan habar berýär.