Eýran Yslam Respublikasy 2025-nji ýyla çenli ýurduň günorta-gündogaryndaky täze Çabahar kosmodromyndan gün-sinhron orbitasyna hemra ibermegi meýilleşdirýär. Muny Eýranyň kosmos gullugynyň resmi wekili Hoseýn Dalirian mälim etdi. “Çabahar kosmodromynyň gurluşygy üç basgançakdan ybarat, häzir kosmos gullugy gurluşygyň birinji tapgyryny tamamlamagyň üstünde işleýär we 1403-nji ýylyň birinji ýarymynda - 1404-nji ýylyň başynda (grigorian senenamasy boýunça 2024-nji ýylyň sentýabryna - 2025-nji ýylyň iýunyna gabat gelýär) kosmodromdan emeli hemrany uçuryp, gün-sinhron orbitasyna çykaryp bileris "- diýip, Mehr gullugy onuň sözlerini getirýär. Şeýle hem Dalirian, Eýranyň kosmos maksatnamasyna laýyklykda, 2031-nji ýyla çenli Çabahar kosmodromynyň halkara kosmos maksatnamalarynyň çäginde apparatlary uçurmak üçin baza bolup biljekdigini aýtdy.