«Siri» gysga haýyşlar bilen çylşyrymly meseleleri ýerine ýetirmegi öwrener diýlip garaşylýar. Birnäçe surata düşümek, olary GIF animasiýasyna öwürmek we görkezilen alyja ibermek şeýle amala mysal hökmünde getirilýär. Maglumatlara görä, «iOS 18-de» sesli kömekçi «Siri» «Ýarlyk» aýratynlygy bilen berk integrasiýada bolar. "Ýarlyk" bir gezek düwmä basmak arkaly «iOS-da» dürli opsiýalary ýerine ýetirmek üçin gysga ssenariýalary işe girizmäge mümkinçilik berer. Çeşme täzelenmä köpden bäri garaşylýandygyny belleýär, sebäbi «Apple-iň» köp sanly muşdaklary «Siri-niň» pes mümkinçiliklerini köpden bäri tankytlaýardylar. «Apple-iň» emeli aň ulgamyny ösdürmekde yza galýandygy «Google Assistent» we «Amazon-yň» «Alexa» ulgamlarynyň ýanynda has beter göze ilýärdi. «Apple» «Siri-niň» täze aýratynlyklaryny diňe 2024-nji ýylyň tomsunda «iOS 18-iň» tanyşdyryljak WWDC maslahatynyň çäginde aýan eder.