ABŞ-nyň Kolorado ştatynyň uniwersitetiniň alymlary afrikan pilleriniň biri-birine «atlaryny tutup» ýüzlenýändiklerini anykladylar. Ozal atlary diňe adamlar ulanyp bilýär diýlip hasaplanýardy. Alymlar Keniýanyň iki sebitinde: demirgazykdaky Samburu ekoulgamynda we günortadaky Amboseli milli seýilgähinde ýabany pilleriň seslerini seljerdiler. Olar 625 sany aýratyn ses ýazga aldylar, şolaryň 597-si bir maşgala toparyna degişlidir. Soňra topar sesleriň akustiki aýratynlyklaryny ölçediler we birnäçe statistiki synag geçirdiler. Netijeler pilleriň çykarýan seslerinde haýsydyr bir anyk haýwana ýüzlenmek üçin ulanylýan aýratyn sesleriň bardygyny görkezdi. Alymlaryň pikiriçe, şeýle sesler lakam ýa-da at hökmünde kabul edilip bilner. Delfinler ýaly käbir beýleki görnüşleriň hem garyndaşlaryna aýratyn usulda ýüzlenýändigi mälimdir. Ýöne olar diňe ýüzlenilýän haýwanyň sesine öýkünýärler. Pilleriň sesleri bolsa beýleki haýwanlaryň seslerine öýkünmek bilen baglanyşykly däl. Şeýle hem alymlar reaksiýasyny barlamak üçin pillere «atlary» ýazgy edilen audioýazgylary diňletdiler. Synag edilýänler muňa jogap edip, ses çeşmesine ýakynlaşdylar we oňa jogap berdiler. «Bu adam bilen baglanyşykly däl görnüşleriň garyndaşlaryna ýüzlenmek üçin adamyňka meňzeş usulda at ulgamyny ulanýandygyny görkezýän ilkinji subutnama bolup biler» diýip, barlagyň awtorlary bellediler.