Beýik Britaniýada şa zenany Ýelizaweta II-niň hatyrasyna ýedi müň brilliant bilen bezelen uly şaýy pul döredildi diýip, MIR 24 habar berýär. Bu gaýtalanmajak el işi sekiz ýurtdan zergärler tarapyndan ýasaldy. Öň tarapynda şa zenanynyň alty sany altyn portreti ýerleşdirildi. Arka tarapynda bolsa onuň soňky suratyndaky keşbi çekildi. Britaniýanyň baýdagy görnüşindäki gymmat bahaly daşlar bolsa boşlugy doldurýarlar. «Iň gowy hünärmenler iň gowy materialy ulanmaga çalyşdylar. Biz şa zenanynyň durmuşyndan ylham aldyk we portretlerini synladyk. Bu eser Onuň Alyhezretine hormatyň nyşanydyr. Şaýy pul asyrlarboýy dowam etjek miras bolar» diýip, Ost-India kompaniýasynyň başlygy Sanjiw Mehta belledi. Şaýy pul Ýelizaweta II-niň aradan çykmagynyň bir ýyllygy mynasybetli çykaryldy. Gaýtalanmajak pul birliginiň ululygy basketbol pökgüsine deňdir. Gymmat bahaly şaýy puluň bahasy 23 million dollardyr. Satylan ýagdaýynda, ol dünýädäki iň gymmat teňňe bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir