Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlary “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we her bir ýeňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy: Aşgabat şäherindäki 70-nji orta mekdebiň iňlis dili mugallymy Şaguly Baýramgulyýewiç Hojamgulyýew; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Jemagat-hojalyk kärhanasynyň “Laçyn” tans-saz folklor toparynyň 2-nji derejeli orkestriniň artisti Serdar Dörtgulyýewiç Bäşimow; Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Kerim Babamyradowiç Nyýazow; Ahal welaýat Medeniýet müdirliginiň Babadaýhan etrap medeniýet bölüminiň medeniýet merkeziniň 2-nji derejeli artisti Allamyrat Akmyradowiç Idirisow; Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Merdan Baýramgeldiýewiç Baýramgeldiýew; Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Daýançmyrat Baýgeldiýewiç Hangeldiýew; Daşoguz welaýat Medeniýet müdirliginiň Görogly etrap medeniýet bölüminiň Türkmenistan geňeşligindäki Kerpiçli oba medeniýet öýüniň aýdym-saz ýolbaşçysy Güýçmyrat Arazmyradowiç Atabaýew; Daşoguz welaýat Medeniýet müdirliginiň Akdepe etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Begenç Annadurdyýewiç Urpekow; Lebap welaýat Medeniýet müdirliginiň Saýat etrap medeniýet bölüminiň Saýat şäher medeniýet öýüniň akkomponiatory Kerim Jelaledinhanowiç Annakulyýew; Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň dutar hünäri boýunça mugallymy Akmurat Çaryýewiç Hoşyýew; Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Göwher Nurýagdyýewna Tuhyýewa; Mary welaýatynyň Türkmengala etrabyndaky 19-njy orta mekdebiň aýdym-saz mugallymy Şükürberdi Döwletmyradowiç Hudaýberenow.