13-nji sentýabrda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherindäki Täjik milli uniwersitetinde Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň ikinji forumy geçirildi. Bu barada Täjigistanyň Bilim ministrligi habar berýär. Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň ikinji forumy Duşanbe şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde geçirilýär. Foruma Merkezi Aziýa döwletleriniň bilim ministrleri, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary gatnaşýar. Türkmenistan döwletimizde hem bilim ministri Gurbangül Ataýewa hem-de ýurdumyzyň käbir ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary gatnaşdy. Forumyň çäginde Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky uniwersitetleriň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada ylmy we pedagogiki gatnaşyklary ösdürmäge, akademiki hereketi we iki derejeli bilim maksatnamalaryny ösdürmäge gönükdirilen birnäçe şertnama we ylalaşyga gol çekildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir