Özbegistanyň ulag ministri Ilhom Mahkamow bilen Russiýa Federasiýasynyň ulag ministriniň orunbasary Dmitriý Zwerew bilen geçirilen gepleşiklerde Özbegistan – Türkmenistan – Hazar deňzi – Russiýa multimodal ugruny işe girizmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada ORIENT agentligi habar berýär. Taraplar degişli ugur boýunça Özbegistanyň we Russiýanyň arsynda eksport-import daşamalaryny guramak we beýleki ikitaraplaýyn ulag-logistika hyzmatdaşlygynyň meselelerine seretdiler. Şeýle hem, halkara awtoulag ýük daşamalary boýunça rugsatnama kagyzlaryny köpletmek, iki ýurduň arasynda howa gatnawlaryny artdyrmak we Daşkent – Günorta Sahalinsk ugry boýunça uçar gatnawlaryny ýola goýmak meseleleri öwrenildi.