Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2023-nji ýylyň 11-nji awgustynda çykaran Buýrugy bilen bilimiň anyk derejesini tamamlamadyk, jemleýji döwlet synagyna gatnaşmadyk ýa-da jemleýji döwlet synagynda kanagatlanarsyz netijeleri görkezenlere bilim edarasynda okandygy hakynda berilýän kepilnamalaryň nusgalaryny tassyklady. Resminama hukuk maglumatlarynyň portalynda çap edildi. Resminama laýyklykda, şu aşakdakylar tassyklanyldy: Umumybilim edarasynda okandygy hakynda kepilnamalaryň nusgalaryny; Hünär-tehniki okuw mekdebinde okandygy hakynda kepilnamanyň nusgasyny; Orta hünär okuw mekdebinde okandygy hakynda kepilnamanyň nusgasyny; Ýokary okuw mekdebinde okandygy hakynda kepilnamanyň nusgasyny. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Bilim ministriniň mekdep we mekdebe çenli çagalar edaralary, ýokary we orta hünärmen mekdepleri boýunça orunbasarlary gözegçilik etmeli.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir