14-15-nji sentýabrda Duşenbe şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 5-nji konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde 5 sany resminamalar toplumyna gol çekilmegine garaşylýar. Bu barada “Нейтральный Туркменистан” gazeti habar berýär. Bellenişi ýaly, öňde boljak duşuşykda şu resminamalara gol çekiler: Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bilelikdäki beýanaty; Guryýer ulagy pudagyndaky ylalaşyk; Ýaşlar syýasatynyň umumy ugurlary boýunça ylalaşyk; Konsultatiw duşuşyklarynyň işi boýunça milli utgaşdyryjylaryň geňeşiniň ýagdaýy; 2023-2025-nji ýyllarda Merkezi Aziýa sebitiniň ilatynyň abadançylygyna we saglygyna ýardam bermek boýunç Ýol kartasy. Ýokary derejeli döwlet Ýolbaşçylarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde daşary işler ministrleriniň iş mslahaty, ykdysady forumy, önümleriniň sergisi, Merkezi Aziýanyň zenan ýolbaşçylarynyň Dialogy, sungat sergisi, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň forumy, ylmy maslahat, ulag ministrleriniň duşuşygy hem-de beýleki medeni çäreler geçiriler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir