Germaniýanyň meşhur muzeýleriniň biri bolan Pergam muzeýi abatlaýyş işleriniň geçirilmegi bilen baglylykda, 14 ýyl ýapylar diýip, «Habar 24» ýazýar. Deslapky hasaplamalara görä, muzeýiň abatlaýyş işleri üçin bir milliard ýewrodan hem köp serişde sarp ediler. Esasan hem, Gadymy Wawilonyň Iştar derwezelerini abatlamak köp wagta çeker. Muzeýiň binasy hem könelipdir. Dikeldiş işlerine ýene bir aýdan başlanar. Şäherlilerdir jahankeşdeler muzeýdäki gymmatly eksponatlary synlamaga gyssanýarlar, sebäbi olary indi 2037-nji ýylda synlap bolar. Pergam muzeýi ÝUNESKO-nyň mirasy hasaplanýar we ol günde bir milliondan gowrak adamy kabul edýär. Muzeýde gadymy Rimiň we Gresiýanyň, şeýle hem Yslam sungatynyň antik toplumy saklanýar.