Deňiz harasaty wagtynda dünýäde iň uly ýel generatory gije-gündizde elektrik öndürmek boýunça rekordy täzeledi. Bu barada «Euronews.com» habar berdi. «Goldwind GWH252-16MW» atly äpet turbina Hytaýyň Fuszýan ülkesinde deňziň içinde seleňläp dur. Ol 1-nji sentýabrda ýurduň günorta-gündogaryna aralaşan harasat wagtynda bir gije-gündizde 384,1 megawatt-sagat elektrik toguny öndürdi. Bu takmynan 170 müň öýi ýa-da yşykdiodlarynyň 38 millionyny elektrik energiýasy bilen üpjün etmek ýa-da bolmasa, elektrik ulagynda 2,2 million kilometre menzili geçmek üçin ýeterlikdir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir