Kaliforniýanyň San-Diýego uniwersitetiniň alymlary suwy hapalaýjylardan arassalap biljek täze material taýýarladylar. Ol 3D usulynda çap edilen gurluşdyr. Materialyň esasyny alginat – deňiz suwotylaryndan alnan tebigy polimer düzýär. Ol gel ýagdaýyna gelýänçä nemlendirilip, fotosintezirleýän sianobakteriýalar bilen garyldy. Bakteriýalar organiki hapalaýjylary zyýansyz molekulalara öwürýän lakkaza fermentini bölüp çykarmak üçin genetiki taýdan üýtgedildi. Şeýle hem olar teofillin molekulasy (çaýyň we şokoladyň düzüminde bar) bilen gatnaşyga girenlerinde öz-özüni ýok edip bilýärler. Bu häsiýet arassalamak işleri tamamlanandan soňra suwy bakteriýalardan arassalamaga mümkinçilik berýär. Alymlar polimer materialyň biologiki ulgam bilen birleşmeginiň, gyjyndyryjlara adaty sintetiki maddalar üçin elýeterli bolmadyk usullarda reaksiýa berýän «janly» material döretmäge mümkinçilik döredendigini aýtdylar. Synaglar iň amatly görnüşiň tor şekilli gurluşydygyny görkezdi. Ol bakteriýalaryň işjeňligini saklamak üçin iň amatlysydyr. Mundan başga-da, bu şekilde sianobakteriýalaryň köpüsi materialyň üstünde ýerleşýär we ýokumly maddalara, gazlara we ýagtylyga elýeterlilik alýar diýip, «Nature Communications» habar berýär.