Yandex» we «Xiaomi» kompaniýalary öý üçin «Akylly displeý» atly täze «akylly» enjam öndürdiler diýip, Lenta.ru habar berýär. Enjamyň diagonaly bolan 10,1 dýuým ekrany bar. Enjamda sensor arkaly hem, ses bilen hem dolandyrylyp bilinýär. «Yandex» «Akylly displeýiň» programma üpjünçiligi üçin, «Xiaomi» bolsa enjam üçin jogapkärdir. Enjamy ulanyp, internetde maglumat gözlemek, howa bilen tanyşmak mümkindir. Maglumatlar ekranda peýda bolar. Şeýle hem «Akylly displeýi» ulanyp, akylly öý enjamlaryny dolandyrmak, aýdym-saz diňlemek we jaňly sagady gurmak mümkindir. Enjam kamera bilen enjamlaşdyrylandyr, zerurlyk bolan ýagdaýynda ol perde bilen ýapylyp bilner.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir