Liwiýada ýurduň gündogarynda dörän “Deniel” tupanynyň getiren suw joşmasy sebäpli 3000-den gowrak adam heläk boldy diýip, hökümetiň saglyk ministri Osman Abdul Jelil habar berdi. Bu barada Anadolu habar berýär. Onuň sözlerine görä, ölenleriň köpüsi Derna şäherinden. AP-yň habaryna görä, tupan Liwiýanyň gündogaryndaky birnäçe şäherde güýçli çabganyň gelmegine we suw joşmalaryna sebäp bolupdyr, aýratynam, Derna iň agyr zarba urupdyr, suw bentlerden geçip, tutuş mähelleleri ýuwup äkidipdir. Liwiýanyň resmi adamlarynyň aýtmagyna görä, ýurduň gündogar sebitlerine kyrk ýyldan gowrak wagtyň içinde iň köp ygal düşüpdir. Derna bilen birlikde Bengazi, Al-Baýda, Al-Marj we Susa şäherlerine uly zeper ýetipdir. Halkara Gyzyl Haç guramasy, takmynan, 10 müñ adamyň dereksiz ýitendigini çaklaýar. Bu barada Liwiýanyň guramadaky wekili Tunisden wideo aragatnaşyk arkaly žurnalistlere habar berdi. Pidalaryň sanynyň müňlerçe bolup biljekdiginiň alada goýýandygyny mälim etdi. Liwiýanyň Milli Bitewilik hökümetiniň premýer-ministri Abdulhamid Dibeýbe heläk bolanlaryň hatyrasyna üç günlük ýas yglan etdi.