Şu ýylyň iň meşhur filmi bolan “Barbi” Internet ulgamynda-da peýda boldy. Şu günden başlap kartina günbatar onlaýn hyzmatlarynda tomaşa etmek üçin elýeterlidir. Bu barada championat.com habar berýär. “Barbi” dünýä prokatynda 1,4 mlrd dollardan gowrak girdeji ýygnap, Mario doganlary baradaky multfilmden öňe geçdi we ýylyň iň girdejili filmi boldy. “Barbi” dünýädäki iň meşhur gurjagyň hakyky dünýä düşüp, durmuşdan lezzet almak üçin ideal bolmagyň we hemmelere ýaramagyň hökmany däldigine düşünişi barada gürrüň berýär. “Barbi” filmini Greta Gerwig surata düşürdi. Lentada Margo Robbi, Raýan Gosling, Simu Lýu, Maýkl Sera we beýlekiler oýnady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir